Türkmenistan bilen Belarus ylym we tehnologiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

  • 20.11.2023 22:16
  • 5.2k+

Minskde ylym we tehnologiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-belarus toparynyň III mejlisi geçirildi. Bu barada Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasyna salgylanyp, Türkmenistan Halkara Habarlar portaly habar berýär.

Bu çärede Türkmenistanyň wekiliýetine türkmen tarapdan toparyň egindeş başlygy bolan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrow ýolbaşçylyk etdi.
Belarus tarapyna Belarus Respublikasynyň ylym we tehnologiýa boýunça Döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Tatýana Stolýarowanyň ýolbaşçylygyndaky respublikanyň ylmy-gözleg guramalarynyň hünärmenleri wekilçilik etdi.
Mejlisiň dowamynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen Belarusyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň möhüm bölegidigi bellenildi.
Taraplar özara bähbitli esasda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmek barada ylalaşdylar. Ylmy bilimler we tejribeler bilen alyşmagy işjeňleşdirmek, bilelikdäki taslama işlerini giňeltmek, şeýle-de umumy ylmy-gözleg guramalaryny we ýokary tehnologiýaly kärhanalary döretmek üçin tagalla etmek kararyna gelindi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2024-2025-nji ýyllar üçin ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Olara täze himiki tehnologiýalary we materiallary işläp taýýarlamak, bio- we nanotehnologiýa pudagynda gözlegler, lukmançylyk we farmasewtika pudagynda bilelikdäki taslamalar, ekologiýa meselelerini çözmek, tebigy we tehnogen seýsmiki hadysalary öwrenmek hem-de oba hojalygyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak degişlidir.


düýn 11:32
2.2k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......