Jokowiç rekord ýedinji gezek ATP-niň Jemleýji ýaryşynyň ýeňijisi boldy

  • 20.11.2023 15:47
  • 6.4k+

Dünýä reýtinginiň lideri serbiýaly Nowak Jokowiç Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) Jemleýji ýaryşynyň final oýnunda italiýaly Ýannik Sinneri utdy. Report agentliginiň habar berşi ýaly, ýaryş Italiýanyň Turin şäherinde geçirildi.

Duşuşyk Jokowiçiň peýdasyna 6:3, 6:3 hasabynda tamamlandy. Toparlaýyn tapgyrda Sinner Jokowiçi 7:5, 6:7 (5:7), 7:6 (7:2) hasabynda utdy.
Serbiýaly tennisçi häzirki möwsümde ýedinji tituly gazanyp, bu görkeziji boýunça ýeke-täk lider boldy. Ol 2023-nji ýylda alty ýaryşda ýeňiji bolan dünýäniň ikinji raketkasy ispaniýaly Karlos Alkarasdan öňe geçdi.
Jokowiç ýedinji gezek ATP-niň Jemleýji ýaryşyny utdy we bu görkeziji boýunça ýaryşlaryň rekord eýesi boldy. Öň, ol 2008, 2012, 2013, 2014, 2015, 2022-nji ýyllardaky ýaryşlarda ýeňiş gazandy. Mundan öň rekord ýaryşyň alty gezek ýeňijisi bolan şweýsariýaly Rojer Federere degişlidi (2003, 2004, 2006, 2007, 2010, 2011).


21.06.2026 21:03
2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

15.06.2026 14:15
7.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....