Beýik Britaniýada dünýäde ilkinji gezek gan keseliniň iki görnüşi üçin gen bejergisi tassyklandy

  • 19.11.2023 20:20
  • 7k+

Beýik Britaniýanyň Derman serişdelerine we lukmançylyk maksatly önümlere gözegçilik  müdirligi orak görnüşli öýjükli ganazlygy we beta-talassemiýany bejermekde dünýäde ilkinji gen terapiýasyny tassyklady diýip, hökümetiň web sahypasynda habar berilýär.

"Derman serişdelerine we lukmançylyk maksatly önümlere gözegçilik  müdirligi, täze dermanyň howpsuzlygyna, hiline we netijeliligine düýpli baha berlenden soň, onuň orak görnüşli öýjükli ganazlygy we 12 ýaşdan uly hassalarda transfuziýa bagly beta-talassemiýany bejermekde ulanylmagyny tassyklady" diýip, habarda aýdylýar.

Düzgünleşdirijiniň berýän maglumatyna görä, Casgevy - gen redaktirleýji CRISPR innowasiýa guraly ulanylýan ilkinji ygtyýarly derman bolup, ony oýlap tapyjylar 2020-nji ýylda Nobel baýragyna eýe bolupdylar. Orak görnüşli öýjükli ganazlyk we beta-talassemiýa - bu gemoglobiniň genlerindäki ýalňyşlyklar sebäpli ýüze çykýan genetiki kesellerdir.
Beýik Britaniýada takmynan 15 000 adam orak görnüşli öýjükli ganazlyk keselinden ejir çekýär. Beta-talassemiýa bilen kesellän näsaglar her 3-5 hepdeden gan tabşyrmaly bolýarlar. Agzalan bejerginiň ulanylmagy hassany ömürboýy bejergi alyp gezmek zerurlygyndan halas edip biler. Dermanyň synagdan geçirilip görülmeginiň netijesinde näsaglaryň 97% -i (28 adam) bir ýyllap kesel bilen baglanyşykly ýüze çykýan güýçli agyrylardan dyndy.
Dermany ulanmak boýunça synaglar dowam edýär.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......