BMW N52 hereketlendirijisi bolan 155 müň sany ulagy yzyna çagyrdy

  • 19.11.2023 15:58
  • 17k+

«BMW» N52 maşgalasyna degişli alty silindrli hereketlendirijiler bilen enjamlaşdyrylan 155 müň awtoulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Munuň sebäbi «VANOS» gaz paýlaýjysynyň fazalaryny üýtgetmek ulgamynda kemçiligiň ýüze çykmagydyr diýip, «Autoevolution» ýazýar.

Tehniki taýdan hyzmat ediş çäresi «Z4» rodsterlerine, 1-nji we 3-nji seriýaly awtoulaglara (F30 kuzowyndaky), «X3» we «X5» krossowerlerine degişli bolar.
2014-nji ýylyň başynda kompaniýa 2010 – 2012-nji ýyllar aralygynda şol bir N52 hereketlendirijisi bolan awtoulaglary yzyna çagyrypdylar. «VANOS-yň» elementlerini berkidiş ulgamynda ulanylýan alýumin boltlaryň gowşamaga we döwülmäge meýillidigi ýüze çykaryldy. Olary mugt çalyşdylar.
Bejerişden soň ýerine ýetirilen işler we detallar 10 ýyl möhlet bilen kepillendirildi. Şol döwürde 170 müňden gowrak awtoulag yzyna çagyrylypdy. Häzirki wagtda olaryň käbirinde ýene kemçilik ýüze çykdy. Şonuň üçin «BMW» olarty ikinji gezek yzyna çagyrmak kararyna geldi.
Kompaniýa diňe ABŞ-nyň özünde birnäçe ýüz sany kepillik talaplaryny gaýtadan işledi. Şeýlelikde, indi ýerine ýetirilen abatlaýyş işleri üçin 10 ýyl kepillik berilmeýär.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......