Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde kiberhowpsuzlyk boýunça hakaton geçiriler

  • 19.11.2023 12:07
  • 15k+

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda kiberhowpsuzlyk boýunça bäsleşik geçirjekdigini yglan etdi.

IT pudagynyň ýaş hünärmenleri üçin bu ýaryşlar 28-29-njy noýabrda geçiriler. Bäsleşige gatnaşmak isleýänler özleri barada maglumatlary 25-nji noýabra çenli uniwersitetiň oguzhan.edu.tm@gmail.com elektron poçtasyna ibermelidir. Bäsleşigiň şertleri bilen salgysynda has jikme-jik tanşyp bilersiňiz diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
«2019 – 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek ýörelgesine» laýyklykda guralan «Tehniki ýumuş esasynda platforma işläp düzmek» atly hakaton kiberhowpsuzlyk pudagyndaky zehinli hünärmenleri ýüze çykarmaga, şeýle hem ulgamdaky howplar we olardan gorag usullary barada habardarlygy artdyrmaga gönükdirilendir.
Bäsleşik web programmirlemäni we sanly tehnologiýalary öwrenýän talyplara kompýuter ulgamlaryny we goşmaça programmalary açmak hem goramak boýunça dürli meseleleri çözmek arkaly maglumat howpsuzlygy ugrundaky başarnyklaryny görkezmäge mümkinçilik berer.
Türkmenistan 2019-njy ýylda milli «kiber özygtyýarlylygy» goramak we zyýanly haker hüjümleriniň öňüni almak maksady bilen, kiberhowpsuzlyk barada kanun kabul etdi. Häzirki wagtda ýurduň ministrliklerinde we müdirliklerinde maglumat tehnologiýasyna we kiber howplardan goraga jogapkär ýörite bölümler bar.
Mundan başga-da, bilim edaralary maglumat goragy we howpsuzlygy boýunça ýaş IT hünärmenlerini taýýarlaýarlar.


01.06.2026 17:06
3k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.2k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......