ChatGPT-niň esaslandyryjysy Sem Altman öz kompaniýasyny terk etmeli boldy

  • 18.11.2023 22:16
  • 10k+

Emeli intellektli ChatGPT çat-botuna eýeçilik edýän OpenAl kompaniýasynyň baş direktory Sem Altman öz wezipesinden çekiler we müdirler geňeşini terk eder. Bu barada rbc.ru habar berýär.

Altmany işden aýyrmak baradaky karar müdirler geňeşi onuň “wezipe borçlaryny ýerine ýetirmek ukybyny çäklendirýän geňeş bilen aragatnaşygynda hemişe aç-açan bolmandygy” baradaky netijä gelenden soň kabul edildi. “Geňeşiň indi onuň OpenAl-a ýolbaşçylyk etmek ukybyna ynamy ýok” – diýlip, beýanda aýdylýar.

Baş direktoryň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji kompaniýanyň tehniki müdiri Mira Murati bolar. Altmany işden çykarmak baradaky karar işgärler üçin hem duýdansyz boldy, olar bu barada müdirler geňeşiniň beýany neşir edilenden soň bildiler diýip, “The Verge” çeşmelere salgylanyp habar berýär.
“The Verge” Altmany OpenAl-yň ýüzi diýip hasaplaýar. Ol kompaniýany 2015-nji ýylda telekeçi Ilon Mask bilen bilelikde işe girizdi. Üç ýyldan soň Mask OpenAl-yň müdirler geňeşinden gitdi we xAl ady bilen emeli intellekt pudagynda işleýän hususy kompaniýasyny döretdi.


17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......