ChatGPT-ä her aýda ortaça näçe gezek ýüz tutulýar?

  • 18.11.2023 10:52
  • 8.5k+

Generatiw AI-niň (emeli aňyň) gurallary barha meşhurlyk gazanýar we giňden ulanylýar. Iň soňky maglumatlara görä, iň gowy 50 sany AI gurallaryna ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda jemi 24 milliard gezek ýüzlenilipdir.

Bu ugurda aňrybaş öňdebaryjy OpenAI-yň ChatGPT-sidir, bu döwürde onuň kömegine 14,6 milliard gezek ýüzlenilipdir we AI gurallaryny ulanmagyň 60% -den gowragy şoňa degişlidir. Orta hasap bilen, ulanyjylar her aý takmynan 1,5 milliard gezek ChatGPT-e girdiler.
Ulanylyş sany boýunça ikinji ýerde Character AI çat-boty durýar, ol 10 aýda 3,8 milliard gezek ulanylypdyr, üçünji ýerde 1,1 milliard gezek ulanylan QuillBot AI çat-boty durýar. 241,6 million gezek ýüzlenilen Google’s Bard AI-niň iň köp ulanylýan gurallarynyň arasynda ilkinji onluga girdi.


17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......