«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly tamamlandy

  • 17.11.2023 13:24
  • 6.3k+

16-njy noýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde 14 — 16-njy noýabr aralygynda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda halkara festiwala gatnaşýan ýurtlaryň teatrlarynyň döredijilik toparlaryna ýörite Diplomlardyr Kuboklar gowşuryldy.
Festiwalyň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşan teatrlaryň ýolbaşçylary hem çykyş edip, nobatdaky festiwalyň guramaçylykly hem-de üstünlikli hem-de guramaçylykly geçirilendigini bellediler.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň artisti Şemşat Kasymowanyň dabaranyň dowamynda ýerine ýetiren «Teatr — meniň ykbalym» atly çeper okaýşy, şeýle-de ýurdumyzyň teatrlarynyň artistleriniň görkezen edebi-sazly kompozisiýasy dabaranyň özboluşly şatlygyny artdyrdy.
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren «Hoş gal, festiwal!» atly aýdymy dostlugyň owazy bolup ýaňlandy.


19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......