BMW Mýunhendäki zawodynda içinden ýandyrylýan hereketlendirijileriň önümçiligini bes etdi

  • 17.11.2023 08:10
  • 14k+

BMW işe girizilenden 60 ýyl soň Mýunhen zawodynda içinden ýandyrylýan hereketlendirijileriň önümçiligini bes etdi. Şeýle-de bolsa, bu içinden ýandyrylýan hereketlendirijiden düýbünden ýüz öwürmegi aňlatmaýar: BR24 neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, hereketlendirijiler Awstriýadaky we Angliýadaky zawodlarda öndürilmegini dowam etdirer. Mýunheniň zawody elektrikli awtoulag öndürmeklige ýöriteleşdiriler.

Dürli döwürde zawod 4-den 12-ä çenli silindrli hereketlendirijileri ýygnady; bu ýerde ýygnalan iň soňky hereketlendiriji V8 boldy. Sekiz we 12 silindrli hereketlendirijiler indi Britaniýanyň zawodynda ýygnalar, has ykjam hereketlendirijileriň önümçiligi Awstriýa geçiriler.
Önümçilikde takmynan 1,2 müň adam işledi. Olary ýa-ha elektrik ulaglaryny ýygnamaklygy öwretmek, ýa-da beýleki önümçilik desgalaryna geçirmek üçin täzeden taýýarlamak meýilleşdirilýär. Içinden ýandyrylýan hereketlendirijiniň önümçilik ugrunyň ýerleşýän ussahanasy täzeden enjamlaşdyrylýar, BMW muňa 400 million ýewro çenli pul sarp etmegi meýilleşdirýär. Bir gürrüňe görä, Neue Klasse platformasyna esaslanýan elektrik awtoulaglarynyň täze nesli bu ýerde ýygnalar. Mundan başga-da zawodyň çäginde akkumulýatorlaryň synag merkezi peýda bolar.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......