Toyota Crown Signia çykyp başlandan soň, Venza krossowerini öndürmegini bes eder

  • 17.11.2023 08:03
  • 12k+

15-nji noýabrda Toyota ABŞ-da Crown Signia krossowerini resmi taýdan hödürledi we indiki ýyldan başlap kompaniýanyň model hataryndan Venza krossoweriniň aýryljakdygy belli boldy. Bu wakalaryň göni baglanyşygy bar.

“Biz Venza-dan kanagatlanýardyk, eger ol Crown Signia modeline beýle ýakyn bolmadyk bolsa, biz ony hatarda saklap galardyk, ýöne olaryň ölçegleri meňzeş, auditoriýasy-da bir, şonuň üçin biz Venza-ny çykarmagy bes etdik” – diýip, Toyota North America-nyň baş menejeri Deýw Krist Automotive News çeşmesi bilen gürrüňdeşlikde belledi.

Kompaniýa Crown Signia-nyň bahasyny mälim etmedi, ýöne bu modeller biri-birine örän meňzeş bolansoň, täze krossower Venza-nyň bahasynda bolup biler, bu model bolsa ABŞ-da häzir 36 – 44,5 müň dollar bilen bahalandyrylýar.
Toyota-nyň Venza-nyň satuwyndan kanagatlanýandygyna garamazdan, bu modeli hit diýip atlandyrmak kyn: eger 2021-nji ýylda tas 62 müň awtoulag satylan bolsa, 2022-nji ýylda eýýäm iki esse az – takmynan, 33,7 müň birlik satyldy. 2023-nji ýylyň ilkinji 10 aýynda bary-ýogy 25 müň töweregi Venza satyldy.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......