Angar.tm onlaýn dükanyndan gurluşyk harytlarynyň we tehnikalarynyň dürli görnüşlerini satyn alyp bolýar

  • 16.11.2023 16:49
  • 11k+

«Ussat-Inžener» kompaniýasy täze işläp başlan Angar.tm onlaýn dükanynda gurluşyk tehnikalarynyň, enjamlaryň we materiallaryň satuwyna başlady.

Islendik adam angar.tm saýtynyň üsti bilen gurluşyk tehnikalary — ýük awtoulaglaryny, awtokranlary, ýükleýjileri, ekskawatorlary, buldozerleri we ş.m.; gurluşyk materiallaryny we gurallaryny — elektrik gurallary, el iş gurallaryny, timarlaýyş materiallaryny, berkitme önümlerini we ş.m.-leri onlaýn satyn alyp biler.
Şeýle hem saýtdan ýyladyş we howa çalşygy ulgamlaryny, mebelleri, kompýuter we hojalyk tehnikalaryny, başga-da köp sanly harytlary tapmak bolýar.
Jaýlary abatlamak we gurluşyk işleri bilen meşgullanýan adamlardan başlap, gurluşyk kompaniýalary we kärhanalary Angar.tm-den özüne gerek harydy tapyp bilerler.
Saýtda harytlaryň fotosuratlary bilen birlikde, olaryň düşündirişleri we häsiýetnamalary bar.
Käbir harytlaryň bahasy 70%-e çenli arzanladyşda goýuldy.
Saýtda özüňe gerekli harydy kategoriýalar boýunça hem, gözleg meýdançasyna adyny ýazyp hem gözledip bolýar.
Saýt iki dilde hereket edýär.
«Ussat-Inžener» kompaniýasynyň hünärmenleri gurluşyk harytlary bilen bagly müşderileri gyzyklandyrýan islendik sowallara jogap bererler.
Angar.tm saýtynda Türkmenistanyň islendik ýerinden sargytlar kabul edilýär.

«Ussat-Inžener» kompaniýasynyň iş wagty: 08:00-dan 18:00-a çenli, şenbe güni 08:00-dan 13:00-a çenli.
Saýt: angar.tm
Habarlaşmak üçin:

Salgysy: Aşgabat ş., G.Kuliýew köçesi, 41.
Telefon belgileri:
+993 12 754802
+993 64 772777

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......