Volvo taryhyndaky ilkinji miniwenini tanyşdyrdy

  • 16.11.2023 14:56
  • 17k+

«Volvo» kompaniýasy Hytaýda ilkinji miniwenini tanyşdyrdy, awtoulag elektrik hereketlendiriji bilen üpjün edilendir.

«Volvo EM90» «Geely SEA» platformasynda guruldy. Onda «Zeekr 009» miniweni hem döredilendir. Täze önümiň uzynlygy 5206 mm, teker binýady bolsa 3205 mm. Elektrikli miniwen 272 at güýji bolan elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr, çekiş diňe yzky tigirlere geçirilýär, geçýän iň uzak aralygy bolsa 738 kilometre golaýdyr. Şol bir wagtyň özünde, «Zeekr-iň» miniweniniň ähli tekerleri hereketlenýär, iki motorly hereketlendirijiniň kuwwaty bolsa 544 at güýjüne deňdir.
«EM90» 21 dinamigi bolan «Bowers & Wilkins» ses ulgamy, iki kameraly pnewmo podweska, panoramik üçek, 15,6 dýuýmlyk multimediýa ekrany, şeýle hem massažly, howa çalşygy we çekip bolýan stoljyklary bolan ikinji hatar oturgyçlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Ikinji hatardaky ýolagçylar süýşýän gapylary we sensorly panelleri ulanyp, dürli rahatlyk şertlerini dolandyryp bilerler. Nusgasyna baglylykda, awtoulagda 19 ýa-da 20 dýuýmlyk teker diskleri oturdylýar.


düýn 10:20
1.7k+

2,5 million Volvo uly täzelenmeden geçer: Ulgamlar has döwrebaplaşar

Volvo kompaniýasy 2020-nji ýyldan bäri öndürilen awtoulaglar üçin multimediýa ulgamlarynyň düýpli täzelenendigini yglan etdi. Bu täzelenme bütin dünýäde takmynan 2,5 million awtoulaga degişli bolar we sürüjilere diler merkezine barmazdan, iň soňky tehnologiýalardan peýdalanmaga mümkinçilik berer...

17.10.2025 17:14
5.2k+

Iň soňky Volvo V90, önümçilikden aýrylandan soň, muzeýe iberildi

Şwesiýanyň Volvo kompaniýasynyň Gýoteborgdaky zawodynyň gurnama hataryndan iň soňky V90 uniwersaly düşdi. Bu awtoulag satylmaz — ol kompaniýanyň muzeýinde hemişelik ýerleşdiriler. Volvo-nyň bellemegine görä, bu modeli öndürmegiň bes edilmegi islegiň azalmagy bilen däl-de, kompaniýanyň global önümçilik strategiýasynyň täzelenmegi bilen baglydyr...

07.10.2025 12:48
2.6k+

Volvo bir millionynjy zarýad berilýän gibridini öndürdi

Volvo Cars möhüm üstünlik barada habar berdi: sentýabr aýynda bir millionynjy zarýad berilýän gibrid konweýerden çykdy. Kompaniýa bu sepgidi dolulygyna elektrikli modeller hataryna geçmek strategiýasynda möhüm ädim diýip atlandyrýar...

13.09.2025 14:55
6.9k+

Toyota dünýäde iň meşhur awtoulag öndürijisi. Aýry-aýry ýurtlar boýunça bu görkeziji nähilikä?

Toyota 2024-nji ýylda dünýäde iň meşhur awtoulag öndürijisi boldy. Kompaniýa ABŞ we Ýakyn Gündogar ýaly milli bazarlaryň aglabasynda birinji ýeri eýeledi. World Wide Mobility neşiri ýurt boýunça iň meşhur awtoulag öndürijileriniň kartasyny neşir etdi...