Alymlar adamyň beden agzalaryny ösdürip ýetişdirmegiň usulyny tapdylar

  • 16.11.2023 14:49
  • 9.9k+

Kanadaly biotehnologlar Waterloo uniwersitetiniň binýadynda myşsa dokumalaryny adam bedeniniň daşynda dikeltmegiň we ösdürmegiň täze usulyny oýlap tapdylar.

Hünärmenler biomateriallary modelirlemek üçin çarçuwasyz platforma döretdiler, munuň netijesinde täze myşsalar ilki emeli gurşawda ösdürilýär, soňra bolsa hassanyň bedenine birleşdirilýär. «Gurluşyk elementleri» hökmünde öýjük listleri ulanylýar, bu bolsa dürli myşsa gurluşlaryny döretmäge mümkinçilik berýär.
Bu işiň awtorlarynyň belleýişleri ýaly, bu görnüşde döredilen myşsalar tebigy ýagdaýda emele gelenlerden tapawutlanmaýarlar. Munuň özi bedeniň implantasiýa edilen dokumany ret etmeginiň öňüni alýar.
Bu tehnologiýany myşsa massasynyň uly göwrümli ýitgisine garşy göreşde peýdalanmak meýilleşdirilýär. Bu bejerip bolmaýan keselden häzirki wagtda dünýäde ýüzlerçe müň adam ejir çekýär. Mundan başga-da, bu usul emeli gurşawda haýwan etini ösdürip ýetişdirmek üçin ulanylyp bilner diýip, «Advanced Functional Materials» žurnaly habar berýär.


düýn 20:31
2.4k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......