Dagystandaky bir oba Habib Nurmagomedowyň kakasynyň ady dakyldy

  • 14.11.2023 19:07
  • 21k+

Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Dagystanyň Kizilýurt etrabynda ýerleşýän Kirowaul obasynyň adyny Manapkala obasy diýip üýtgetmek baradaky karara gol çekdi.

Ilatly nokat UFC-niň öňki çempiony Habib Nurmagomedowyň kakasy tälimçi Abdulmanap Nurmagomedowyň hormatyna Manapkala diýlip atlandyryldy. Bu teklip obanyň administrasiýasy tarapyndan öňe sürüldi we Dagystan Respublikasynyň Halk ýygnagy tarapyndan goldanyldy.
Nurmagomedow UFC-niň ýeňil agram derejesindäki çempiony. Ol karýerasyny tamamlamazdan ozal üç gezek çempionlygyny gorady. Türgen MMA-yň düzgünlerine laýyklykda, 29 professional söweşde 29 ýeňiş gazandy.
57 ýaşly Abdulmanap Nurmagomedow koronawirus ýokanjy sebäpli ýagdaýy agyrlaşyp, 2020-nji ýylyň 3-nji iýulynda aradan çykdy. Ol Habibiň, şeýle hem häzirki UFC söweşijileri Islam Mahaçewiň we Umar Nurmagomedowyň tälimçisidi.


03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

29.05.2026 15:22
9.6k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

25.05.2026 17:12
6.6k+

Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi....