Lucid Air elektrik ulaglary öz energiýasyny beýleki elektrikli ulaglar bilen paýlaşyp biler

  • 13.11.2023 16:12
  • 10k+

Lucid kompaniýasy RangeXchange tehnologiýasynyň ornaşdyrylandygyny habar berdi. Munuň netijesinde Air elektrik sedany batareýasyndaky elektrik energiýasyny ýörite kabel arkaly beýleki elektrikli ulaglar bilen paýlaşyp biler. Täze önümiň mümkinçiliklerini görkezmek üçin startap öz awtoulagynyň Tesla nädip zarýad berýändigini görkezdi.

Degişli programma üpjünçiligi satuwdaky täze Lucid Air-leriň ählisinde eýýäm bar. Ikitaraplaýyn Wunderbox zarýad berijisi 9,6 kWt güýji berýär. Bu adaty diwara gurlan öý zarýad beriş enjamynyň öndürýän zarýadyna deňdir.
Täze tehnologiýa elektrik ulaglarynyň mümkinçiliklerini we ulanylyşyny giňeldýär. Olar energiýasyny diňe bir beýleki ulaglara däl, eýsem, mysal üçin, öýüň tok ulgamyna hem geçirip bilerler. Täzelik, esasanam, Lucid Air üçin amatlydyr, sebäbi modeliň ýöreýiş ätiýaçlygy rekord aralyga - 830 kilometre çenli ýetýär.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.7k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......