Xiaomi taryhy rekord goýdy. Xiaomi 14 bolsa Double 11-iň satuwynda iň ýörgünlisi boldy

  • 13.11.2023 16:08
  • 9.9k+

Xiaomi Double 11-iň (11-nji noýabr) satuwynyň netijelerini yglan etdi: ähli platformalarda satuw 3 milliard dollardan geçdi we täze rekord goýdy, Xiaomi 14 bolsa dört esasy platformada öňdebaryjy boldy.

12-nji noýabrda irden Leý Szýun Weibo-da: "Düýn diýseň şowly gün boldy, Xiaomi 14 täze rekord goýdy!" diýip ýazdy.
Double 11-iň aksiýasynyň dowamynda Xiaomi 14 JD.com-da 54n-den 820 dollar aralygyndaky satuwda iki gezek çempion, Tmall-daky satuwda çempion, Douýin-däki satuwda iki gezek çempion we Pinduoduo-daky satuwda hem iki gezek çempion boldy.
Xiaomi 14 satuwa çykarylandan 5 minut soň, täze önüm öňki nesliň tutuş günüň dowamyndaky netijesini 600% ýokarlandyrdy, şeýle hem JD.com-yň, Tmall-iň, Douyin-iň we Kuaishou-nyň satuw sanawynda birinji ýeri eýeledi.
Leý Szýun Xiaomi 14 seriýasynyň taryhy böküş edendigini sözüniň üstüne goşdy: “Xiaomi 14 seriýasy – bu biziň üstünligimiz. Xiaomi jübi telefonlarynyň has gowulaşjakdygyna ynanýaryn".


18.06.2026 22:32
4.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....