Porsche Panamera ulagynyň täze nesliniň interýerini görkezdi

  • 13.11.2023 15:56
  • 9.2k+

Täze nesil “Porsche Panamera” awtoulagynyň satuwa çykarylmagynyň öňüsyrasynda nemes awtoulag öndürijisi täze modeliň interýeriniň suratlaryny paýlaşdy.

Täze “Panamera-nyň” öň paneli “Taycan” elektrik ulagynda ulanylan nusgany ýada salýar. Ulagyň funksiýalarynyň köpüsi displeýler ýa-da sensorly düwmeler arkaly dolandyrylýar. Gurallar paneli hökmünde 12 dýuýmlyk ekran peýdalanylýar. Media ulgamynyň esasy ekranyndan başga-da, ýolagçy tarapynda üçünji ekran hem ýerleşdirilipdir.
Yzky ýolagçylar üçin yşyklandyryş, multimedia we nawigasiýa ýaly awtoulagyň käbir funksiýalaryna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän başga bir ekran göz öňünde tutulypdyr. Awtoulagyň adaty nusgadan başga-da, uzyn syýahatlarda rahatlygy üpjün edýän oturgyçlary bolan giňeldilen görnüşiniň hem boljakdygy mälimdir. Täze “Panamera-daky” geçiriş gutusynyň selektory ruluň sag tarapynda ýerleşýär, bu bolsa oturgyçlaryň arasynda goşmaça ýer açmaga mümkinçilik berýär.


29.05.2026 11:37
2.6k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.1k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

10.05.2026 21:39
3.8k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....