Britaniýanyň Patyşasy 70 ýyldan soň ilkinji gezek parlamentiň öňünde çykyş etdi

  • 13.11.2023 15:50
  • 8.1k+

Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III parlamentiň öňünde çykyş etdi. Bu monarhyň 1950-nji ýyldan bäri parlamente ilkinji ýüzlenmesidir.

Şol wagt patyşa Georg VI (Ýelizelizaweta II-niň kakasy we häzirki monarhyň babasy) parlamentiň öňünde çykyş edipdi.
Karl III eden çykyşynda parlamentiň täze mejlisi üçin premýer-ministr Rişi Sunak tarapyndan taýýarlanan kanunçylyk taslamasyny beýan etdi. Beýan edilmegine görä, bu ýerde gürrüň indiki parlament ýylynda kabul edilmegi meýilleşdirilýän 21 sany kanun barada barýar.
Bu agyr jenaýatlar üçin ömürlik azatlykdan mahrum etmek, tussaglaryň nika baglaşmagyny gadagan etmek, şeýle hem polisiýanyň ygtyýarlyklaryny artdyrmak baradaky kanunlardyr.


14.03.2026 15:33
3.2k+

Beýik Britaniýa asylzadalaryň parlamentde miras boýunça orun almak düzgünini ýatyrdy

Beýik Britaniýanyň parlamenti mirasdar perleriň (asylzadalaryň) Lordlar palatasynda oturmak hukugyny ýatyrýan kanun taslamasyny tassyklady. Bu karar mundan 25 ýyl ozal başlanan parlament reformasyny doly tamamlaýar...

27.02.2026 18:42
5k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...

27.02.2026 18:19
4.4k+

Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi...

26.02.2026 18:11
2.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...