YouTube TV Google-yň iň çalt ösýän önümi boldy

  • 11.11.2023 15:41
  • 5.4k+

Içerki maglumatlara görä, Google kompaniýasynyň abuna boýunça işleýän YouTube TV hyzmaty soňky bir ýylda 48% ösdi. 2022-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2023-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli döwri öz içine alýan ösüş statistikasy YouTube TV-niň Google kompaniýasynyň iň çalt ösýän önümidigini görkezýär diýip, ferra.ru belleýär.

Şeýlelikde, Google-yň ähli önümleriniň arasynda YouTube TV-niň ulanyjylaryň gatnaşygy we saklanyş derejesi boýunça görkezijileri has ýokarydyr. YouTube TV-niň ulanyjylarynyň, takmynan, 52%-i hemişelik tomaşaçy bolup, akkauntlaryň diňe 8%-i öz hereketini bes etdi.  
YouTube TV-niň meşhurlygy abunaçylara giňişleýin telewizion tejribesini hödürleýän tölegli häsiýeti bilen baglanyşyklydyr. Bir akkaunty bäş sany maşgala agzasy bilen ulanyp bilmek mümkinçiligi-de bu hyzmaty hasam özüne çekiji edýär.
Bu görkezijiler ýyldan-ýyla telewideniýäni iň çalt ösýän platforma hökmünde görkezýän YouTube-yň umumy strategiýasyna laýyk gelýär. Şeýle-de, uly ekranlarda tomaşa mümkinçiligini giňeltmek boýunça yzygiderli tagallalar bilen birlikde hyzmatyň planşetlerde bolmagy-da bu ösüşe ýardam etdi.


şu gün 00:36
223

YouTube aýdym-saz pudagyna ýylda 8 mlrd dollardan gowrak töledi

2024-nji ýylyň iýulyndan 2025-nji ýylyň iýuny aralygynda YouTube aýdym-saz pudagyna 8 mlrd dollardan gowrak töledi. Bu maglumatlar wideohostingiň 23-nji oktýabrdaky hasabatyndan gelip çykýar. Kompaniýa munuň platforma üçin rekord mukdardygyny belledi: ýyllyk tölegler 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2 mlrd dollar artdy...

19.06.2025 09:53
9.2k+

Forbes 2025-nji ýylyň iň baý we meşhur 50 blogeriniň reýtingini hödürledi

Forbes dünýäniň 50 sany iň köp girdeji gazanan we abraýly blogerleriniň ýyllyk sanawyny hödürledi. Sanawda öňdebaryjy yzygider dördünji ýyl MrBeast (hakyky ady Jimmi Donaldson) bolmagynda galýar. Neşir onuň girdejisini 85 mln dollar diýip hasaplady, onuň akkauntlaryny yzarlaýjylaryň umumy sany bolsa 634 mln adama barabar...

25.05.2025 19:06
7k+

MrBeast öz taslamalary bilen iň ýaş milliarder derejesine ýetdi

MrBeast lakamy bilen tanalýan 27 ýaşly YouTube blogeri Jimmi Donaldson baýlygyny öz taslamalarynyň kömegi bilen gazanan dünýäde iň ýaş milliarder boldy. Blogeriň baýlygy 1 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar, aýlyk girdeji bolsa, takmynan, 50 mln dollara barabar...

28.04.2025 16:06
1.6k+

Alphabet kompaniýasy Google bilen YouTube-de mahabatyň we emeli aňyň hasabyna çärýeklik girdejisini 46% ýokarlandy

Google-yň we YouTube-yň enelik kompaniýasy bolan Alphabet 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde 34,54 mlrd dollar arassa girdeji gazandy. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 46% ýokarlandy. Munuň netijesinde, kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 4% ýokarlandy diýip, «Business Insider» neşiri habar berýär...