«Zyýarata syýahat» HK: Daşoguzyň taryhy ýerlerine zyýarat etmek isleýänler üçin ýazylyşyk başlandy

  • 10.11.2023 22:18
  • 24k+

«Zyýarata syýahat» syýahatçylyk hususy kärhanasy ýurdumyzyň taryhy hem medeni ýadygärliklerine zyýarat etmek isleýänler üçin doly hyzmatyny hödürleýär.

DOLY HYZMATA NÄMELER GIRÝÄR?

  • Gidiş-geliş awiabiletlerini alyp bermek;
  • Gid (ýolbelet) hyzmaty;
  • Ulag hyzmatlary;
  • Ýaşaýyş, iýip-içgi hyzmatlary we beýleki ähli zerurlyklar.

«Zyýarata syýahat» HK 2024-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda Daşoguz welaýatynyň çägindäki ýadygärliklere zyýarat etmek isleýänler üçin ýazylyşygyň başlanandygyny habar berdi.
Zyýaratyň dowamlylygy 7 gün bolup, Daşoguz welaýatynyň dürli künjeklerindäki jemi 10 sany ýere barlyp görler — 360 Pirler, Ezber Baba, Nalaç Baba, Ybraýy Edhem Pir, Aşyk Aýdyň Pir, Mahmyt Zamahşary, Bilal Baba, Gaýtarmyş Ata, Düldül Ata, Ysmamyt Ata.
«Zyýarata syýahat» HK ýerleriň çäklidigi hem-de çalt dolýandygy sebäpli, zyýarata gitmek isleýänlere häzirden ýazylyp goýmagy maslahat berýär.

NÄDIP ÝAZYLMALY?
Ýazylmak üçin Türkmenistanyň raýatynyň pasporty we nusgasy ýeterlik. Tölegler zyýarata gidilmezden 40 gün öň alynýar.
«Zyýarata syýahat» HK Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde ýerleşýär.
Ähli soraglar boýunça şu telefon belgisi arkaly habarlaşyp bilersiňiz:
+993 65 35-55-65

Isleg — SIZDEN, hyzmat — BIZDEN!
Zyýaratyňyz kabul bolsun!

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......