ABŞ-da adama göz oturtmak boýunça dünýäde ilkinji operasiýa geçirildi

  • 10.11.2023 21:35
  • 20k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň lukmanlary adama tutuş bir gözi oturtmak boýunça taryhda ilkinji operasiýany geçirdiler. Degişli metbugat relizi Nýu-Ýorkyň Langon uniwersitetiniň (NYULH) saýtynda ýerleşdirildi diýip, TASS habar berýär.

“Nýu-Ýork uniwersitetiniň Langon lukmançylyk merkeziniň hirurglar topary Arkanzasdan 46 ýaşly harby weteranyna tutuş bir gözi we ýüz bölegini oturtmak boýunça dünýäde ilkinji operasiýany geçirdi” – diýip, lukmançylyk merkezi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu adama iş ýerinde ýokary basyş astyndaky sime tötänleýin degenden soň ýokary derejede güýçli tok şikes ýetirýär. Netijede, ol çep gözüni, burnuny, dodagyny, öň dişlerini, çep ýaňagynyň bir bölegini we süňke çenli eňegini ýitirýär.
Operasiýa 21 sagada golaý wagt dowam edýär, oňa 140-dan gowrak hirurg, şepagat uýasy we beýleki lukmançylyk işgärleri gatnaşýar.
Relizde hassanyň täze göz bilen görüp biljekdiginiň ýa-da ýokdugynyň entek kesgitlenmändigi, ýöne organyň transplantasiýadan bäri “ajaýyp saglyk alamatlaryny” görkezýändigi bellenilýär. Mundan başga-da, hirurglaryň bu üstünliginiň “görüşi bejermekde geljekki ösüşler üçin täze mümkinçilikleri döredýändigi” bellenilýär.


20.06.2026 12:08
6.3k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......