Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2023» bäsleşiginiň jemleri jemlendi

  • 10.11.2023 18:44
  • 7k+

Şu gün, 10-njy noýabrda “Sanly çözgüt – 2023” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu dabara “Türkmentel – 2023” halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde geçirildi. Bäsleşige hödürlenen jemi 42 sany taslama işi degişlilikde 1-nji, 2-nji hem-de 3-nji orunlara mynasyp görüldi. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berdi.

Bäsleşige talyplar, mekdep okuwçylary we dürli pudaklaryň wekilleri ýedi ugur boýunça 320-ä golaý taslama hödürläpdiler. Robototehnikadan başlap, programma üpjünçiligine çenli biri-birinden üýtgeşik taslamalaryň düzüjileri ýeňiji adyny mynasyp bolmak üçin ýaryşdylar.
Türkmenistanda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar, startaplar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmak maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan «Sanly çözgüt» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi her ýylda geçirilýär.
Ýeňijilere diplomlar we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.


06.03.2026 17:29
5.4k+

HNGU-nyň talyp gyzy kükürtden boýag serişdesini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Maral Gullyýewa adaty kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu oýlap tapyş Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan bellige alyndy...

28.02.2026 13:00
3.5k+

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary halkara akkreditasiýadan geçiriler

Türkmenistanda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H...

17.02.2026 13:06
836

Apple mart aýynyň başynda «ýörite» Apple Experience çäresini geçirer

Apple kompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji martynda ýörite Apple Experience çäresiniň  geçiriljekdigini yglan etdi. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 19:00 meýilleşdirildi. 9to5Mac neşiriniň belleýşi ýaly, kompaniýa çäräniň resmi tertibini häzirlikçe açyp görkezmedi...

12.02.2026 18:54
1.4k+

Türkmenistanyň ilçisi ýapon hyzmatdaşlary bilen ylmy-tehnologik gatnaşyklary maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Ýaponiýada Türkmenistanyň ilçisi A. Baýramowyň Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň prezidenti H. Koýnuma we bu assosiasiýa bilen hyzmatdaşlyk edýän ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy...