Türkmenistanda internet ulanyjylaryň sany 3 149 178 adama ýetdi

  • 10.11.2023 18:38
  • 7.2k+

Häzirki günde Türkmenistanda internet ulanyjylaryň umumy sany 3 149 178 adama ýetdi. Şolardan 421 609 müşderi simli internet ulanyjylary, 2 727 569 müşderi bolsa ykjam Internet ulanyjylarydyr diýip, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew “TurkmenTel – 2023” halkara ylmy maslahatynda eden çykyşynda habar berdi. Muny “Türkmenistan: Altyn asyr” ýetirýär.

Şeýle-de, Hudaýgulyýew Türkmenistanda 8 sany döwletara optika süýümli maglumat geçiriş ugrunyň gurnalandygyny belledi.

“Balkan welaýatynyň Garabogaz şäheriniň serhet birikmesinden Gazagystanyň Teýmir baba ilatly nokadyna, Balkan welaýatynyň Etrek sebitine we Eýran Yslam Respublikasynyň Kümmet-Kowus şäherine çenli optika süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurmak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň aragatnaşyk operatorlarynyň arasynda Hazar deňziniň düýbi boýunça optika süýümli aragatnaşygy döretmek boýunça işler alnyp barylýar” – diýip, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy belledi.

Ol soňky üç ýylda satyn alnan halkara internet kanallarynyň umumy kuwwatynyň on esse artandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....