Toyota kiçi Land Cruiser üçin at patentledi

  • 10.11.2023 17:30
  • 11k+

Toyota kompaniýasy Ýaponiýada Land Cruiser FJ täze haryt adyny patentledi. Carscoops neşiriniň belleýşi ýaly, ol Land Cruiser maşgalasynda häzirki Land Cruiser 250-den bir basgançak aşaky orny eýeläp, hatarda iň ykjam Cruiser boljak täze model üçin ulanylyp bilner.  

Neşiriň pikiriçe, Toyota Land Cruiser FJ ululugy boýunça häzirki Corolla Cross bilen deňeşdirilip bilner, ýöne ol Compact Cruiser EV konseptiniň stilinde daşky görnüşe eýe bolar. Maglumatlaryň birine görä, täze awtoulag çarçuwaly bolup, Suzuki Jimny-nyň bäsdeşine öwrüler.
Başga bir çaklama görä, Land Cruiser FJ göteriji kuzowa eýe bolar, şeýle ýagdaýda onuň esasy garşydaşy Ford Bronco Sport bolar. Ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply awtoulagyň elektrik güýç gurluşy bilen enjamlaşdyrylmagy ähtimal, muny Toyota-nyň batareýa transportyny ösdürmäge berýän ünsi görkezýär. Japan Mobility Show sergisinde konsern birnäçe elektrik konseptleri, şol sanda krossowerleri we pikaplary görkezdi.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......