Türkmenistan Yraga her ýylda 9 milliard kub metr gaz iberer

  • 08.11.2023 23:47
  • 10k+

Şu gün Aşgabatda “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleriniň Yrak Respublikasynyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy boldy.  

Duşuşygyň dowamynda yrak tarapy  energetika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleri bolan Türkmenistan  bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine Yrak Respublikasynyň taýýardygyny ýene-de bir gezek beýan etdiler. Türkmenistanyň ýangyç-energetika ulgamyndaky halkara ähmiýetli teklipleri birnäçe iri energetika taslamalarynda durmuşa geçirilmeginde öz anyk beýanyny tapdy we tapmagyny dowam edýär.  Şol taslamalaryň hatarynda Türkmenistan–Hytaý, Türkmenistan–Eýran,  Türkmenistan–Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijilerini, Türkmenistandan Eýrana hem-de owgan ugry boýunça  ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlaryny aýratyn görkezmek gerek. 
Şu gezekki duşuşygyň netijeleri boýunça türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna ýerlemek, satyn almak, satmak boýunça şertnamanyň esasy täjirçilik şertleri  barada Teswirnama gol çekildi. Teswirnama laýyklykda, 5 ýyllyk möhlet bilen her ýylda türkmen tebigy gazynyň 9 milliard kub metri SWAP usuly bilen Eýran Yslam Respublikasyndan üstaşyr geçirilip, Yraga iberiler. 
Şeýlelikde,  uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan özüniň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilişini mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasatyny pugta we yzygiderli alyp barýar.


17.01.2026 08:47
4.8k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.6k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...