Toyota 88 ýylda 300 million awtoulag öndürdi. Iň meşhur modelini bilýäňizmi?

  • 07.11.2023 17:47
  • 36k+

Toyota Motor Corporation (TMC) 2023-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli önümçilik görkezijilerini goşmak bilen, 300 million awtoulag öndürýän dünýä önümçiligini gazandy.

Bu netije ilkinji Toyota awtoulaglary bolan G1 kysymly awtoulaglar 1935-nji ýylyň awgust aýynda Toyoda Automatic Loom Works, Ltd. (soňra Toyota Industries Corporation) tarapyndan öndürilenden 88 ýyl we iki aý geçensoň gazanyldy.
Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyryna çenli ýurduň içinde 180,52 million ulagyň we daşary ýurtlarda 119,6 million ulagyň öndürilendigi mälim edildi.
2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyryna çenli jemi 53,399 million birlik öndürilen Corolla önümçilikde iň köp goýberilen model boldy.
Kompaniýanyň başlygy Akio Toýoda: “Meniň pikirimçe, bu 300 million awtoulag Toyota-daky kärdeşlerimiziň, üpjün edijilerimiziň we dilerlerimiziň hem-de beýleki köp sanly gyzyklanýan taraplaryň her gün çeken zähmetiniň subutnamasydyr. Tüýs ýürekden hemmelere sag bolsun aýdýaryn "-diýdi.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......