ÝHHG-niň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy duşuşygy Demirgazyk Makedoniýada geçiriler

  • 07.11.2023 17:27
  • 2.3k+

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy duşuşygy 2023-nji ýylyň 30-njy noýabry – 1-nji dekabry aralygynda Demirgazyk Makedoniýanyň paýtagty Skopýe şäherinde geçiriler.

ÝHHG-niň 57 gatnaşyjy döwletiniň daşary işler ministrleriniň her ýyl geçirilýän duşuşygy ÝHHG-niň häzirki başlygy, Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Buýar Osmaniniň çakylygy boýunça geçiriler.
Ministrler geňeşi ÝHHG-niň merkezi direktiw we dolandyryjy edarasydyr. Her ýylky duşuşyk daşary işler ministrlerine Ýewroatlantik we Ýewraziýa sebitinde howpsuzlyk bilen bagly ýagdaýa, şeýle-de guramanyň ähli ugurlardaky işine syn bermäge we baha bermäge mümkinçilik berýär.
2023-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda ÝHHG-niň başlygy we Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Buýar Osmani Aşgabada saparynyň dowamynda daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşikleri geçirdi, şeýle-de ýurduň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.


21.02.2026 01:46
2.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG bilen 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlyk meýilnamasyny tassyklady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny makullady. Bu barada anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri boýunça «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

20.02.2026 15:30
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň gyşky mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň 19-njy fewralda Wena şäherinde geçirilen 25-nji gyşky mejlisine gatnaşdy. Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, mejlisiň dowamynda esasy üns howpsuzlyk, demokratiýa, adam hukuklary we ynsanperwer meselelerine gönükdirildi...

21.12.2025 18:44
2.2k+

Türkmenistanyň ÝHHG-däki wekiliýeti Wenada Guramanyň Hemişelik Geňeşinde ýylyň jemini jemledi

18-nji dekabrda Türkmenistanyň ÝHHG-däki wekiliýeti Wenada Guramanyň Hemişelik Geňeşinde çykyş edip, her ýyl 12-nji dekabrda bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň ähmiýetini nygtady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär...

12.12.2025 12:48
3.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

11-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi...