«Türkmentel-2023» sergisine 30 ýurtdan 80 kompaniýanyň gatnaşmagyna garaşylýar

  • 07.11.2023 15:13
  • 10k+

9-10-njy noýabrda Aşgabatda telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we tele-radio enjamlary boýunça «Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler.

«Türkmentel—2023» halkara sergisi we ylmy maslahatyna Türkmenistan, Russiýa, ABŞ, Finlýandiýa, Türkiýe, Latwiýa, Fransiýa, Monako, Niderland Patyşalygy, Germaniýa, Şweýsariýa, Awstriýa, Ýaponiýa, Şwesiýa, Beýik Britaniýa, Tailand Patyşalygy, Hindistan, Pakistan, Belarus, Özbegistan, Gyrgyz, Gazagystan, Owganystan, Azerbaýjan, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly dünýäniň 30-a golaý ýurdundan 80-e golaý kompaniýadan 200-den gowrak wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Şol sanda «Halkara Elektroaragatnaşyk bileleşigi» (ITU), «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygy» (PCC), «Bütindünýä GSM bileleşigi» (GSMA), «Intersputnik» Halkara kosmos aragatnaşyk guramasy, GDA-nyň ýerine ýetiriji komiteti ýaly abraýly halkara guramalardan hem wekiller gatnaşarlar.
Geçiriljek halkara sergisi we maslahatynyň dowamynda ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan gatnaşjak alymlar, bilermenler, işewürler we halkara guramalaryň wekilleri sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary ýaly ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem sanly ösüşde döwlet strategiýasy bilen bagly meseleleri gözden geçiriler.
Maslahatyň dowamynda «Sanly çözgüt—2023» innowasiýa bäsleşiginiň jemleri jemlener. Bu ýerde iň oňat ýaş taslamaçylar öz sanly önümlerini işewürler jemgyýetine görkezmäge mümkinçilik alarlar.
Şeýle hem çäräniň çäginde Türkmenistanyň döwlet we hususy guramalary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....