«Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşigiň düzgünnamasy

  • 07.11.2023 14:17
  • 15k+

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde ýurdumyzyň ýaş estrada aýdymçylarynyň we höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda geçirýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi yglan edildi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň öz saýtynda «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň Düzgünnamasyny tanyşdyrýar.

Bäsleşigiň maksady Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zehinli ýaşlary ýüze çykarmak baradaky tabşyryklaryna laýyklykda, estrada aýdymçylaryň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň zehinlilerini seçip almaga ýardam bermekden, geljekde olaryň sungat äleminiň ussat ýyldyzlary bolup ýetişmeklerine şert döretmekden, şeýle hem türkmen halkynyň aýdym-saz hazynasyny has-da baýlaşdyrmakdan ybaratdyr. Bäsleşigi geçirmegiň tertibine, oňa gatnaşmagyň düzgünlerine laýyklykda, bäsleşik ýylyň dowamynda geçirilýär. Bäsleşige 17 — 35 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilerler.
I tapgyr: Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Arkadag hem-de Aşgabat şäherlerinden döwlet çärelerine işjeň gatnaşan, «Türkmen owazy» teleradioýaýlymyna ýylyň dowamynda gelen hatlar we SMS-ler arkaly iň köp ses alan ýaş zehinli aýdymçylaryň 30-sy emin agzalarynyň saýlamagynda ikinji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanarlar.
II tapgyr: Iň köp ses alan ýaş estrada aýdymçylaryň aýdymlary diňlenip, olaryň iň ezberleriniň 20-si saýlanylyp alnar. Şeýlelikde, olaryň aýdymlary «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynda yzygiderli ýaýlyma berler we tomaşaçylardyr diňleýjilerden gelýän SMS-lerden iň köp ses alan aýdymçylaryň 10-sy bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.
Bäsleşigiň birinji tapgyry 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň 1 — 5-i, ikinji tapgyry dekabr aýynyň 10 — 15-i, jemleýji tapgyry bolsa dekabr aýynyň 15 — 20-si aralygynda geçiriler.
Jemleýji tapgyry: Bu tapgyra ikinji tapgyrda iň köp SMS ses alan aýdymçylar gatnaşarlar. Olar eminleriň we tomaşaçylaryň öňünde bir aýdymy orkestriň sazandarlyk etmeginde, ýene bir aýdymy bolsa sazsyz ýerine ýetirerler. Her çykyşdan soň emin agzalary aýdymçynyň ukyp-başarnygy barada öz pikirlerini beýan ederler. Jemleýji tapgyryň ahyrynda emin agzalary we tomaşaçylar çykyş eden aýdymçylara ses bererler. Şol sesleriň we SMS-leriň iň köpüsini alan aýdymçy hem bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan ediler we «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýen ada, göçme nyşana we gymmat bahaly sowgatlara eýe bolar. Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijiler Baş baýrak «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýen ada eýe bolar, şeýle-de 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar kesgitleniler. Ýeňijilere diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle hem bäsleşige işjeň gatnaşan ähli aýdymçylar Hormat hatlary bilen sylaglanarlar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi:
44-88-79.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi:
44-00-74, 44-00-11, 48-96-82.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti:
44-22-22, 44-20-11.


22.03.2026 11:25
1.6k+

Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni dabaraly bellenilýär

21-nji martda Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni uly ruhubelentlik bilen garşylandy. Baýramçylygyň esasy dabaralary Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynda» ýaýbaňlandyryldy...

21.03.2026 09:47
3.6k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Halkara Nowruz güni bilen gutlady

Şu gün Türkmenistanda täzelenişiň we galkynyşyň nyşany bolan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni dabaraly bellenilip geçilýär. Şanly baýram mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mähriban halkymyzy we ähli watandaşlarymyzy gyzgyn gutlady...

20.03.2026 11:48
12k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa dostluk saparyny tamamlap, Aşgabada dolandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna bolan dostluk saparyny tamamlap, Türkmenistana gaýtdy. TDH agentliginiň habar bermegine görä, Pekindäki çärelerden soň, ol «Şoudu» halkara howa menziline baryp, ol ýerden Türkmenistana uçdy...

20.03.2026 07:48
5.3k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Oraza baýramy bilen gutlady

Şu gün Türkmenistanda ahlak we ruhy tämizligiň nyşany bolan mukaddes Oraza baýramy bellenilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkyny we mähriban watandaşlarymyzy bu şanly baýram mynasybetli gutlady...