«Ahalyň» baş tälimçisi «Pahtakor» bilen duşuşyk barada: «Oýna taýýar we gowy netije görkezeris diýip umyt edýäris»

  • 07.11.2023 13:30
  • 11k+

«Ahal» toparynyň baş tälimçisi Serdar Geldiýew toparynyň şu gün geçiriljek oýnundan öň käbir soraglara jogap berdi.

Toparyň oýnunda bolup biljek täze taktiki çözgütler we shemalar baradaky soraga jogap hökmünde Geldiýew täze pikirleriň bardygyny aýtdy. Ol oýunda “12 oýunçy” diýip atlandyrýan toparyň janköýerleriniň uly rol oýnajakdygyny belledi. Olar gowy netijeler üçin göreşde topara goldaw berip, ony ruhlandyrarlar.
Söhbetdeşligiň dowamynda Geldiýew öň Özbegistanyň Super ligasynda “Kyzylkum” üçin oýnan goragçy Bagtyýar Gürgenowyň oýna çekilendigini belledi. Tälimçi Gürgenowy özbek çempionatynda birnäçe oýna gatnaşandan soň erkin agent bolan ýaş we geljegi uly oýunçy diýip atlandyrdy. Ol Gürgenowyň “Ahal” toparyna çagyrylandygyny tassyklady, ýöne onuň Çempionlar ligasyna gatnaşmagy diňe topar pleý-offa çykan ýagdaýynda mümkindir.
Sözüniň ahyrynda Geldiýew toparyň geçiriljek oýna doly taýýardygyny, oýunçylaryň söweşiji ruhundadygyny belledi.
“Pahtakora” garşy oýun şu gün “Aşgabat” stadionynda geçiriler we ýerli wagt bilen sagat 19:00-da başlar.


şu gün 16:18
1.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

şu gün 08:03
1.9k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

düýn 19:10
5.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......