«Pahtakoryň» tälimçisi «Ahal» bilen duşuşykdan öň: “Gowy futbol görkezmäge we ýeňiş ugrunda göreşmäge taýýar”

  • 07.11.2023 12:48
  • 13k+

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň “Ahal” we “Pahtakor” toparlarynyň arasyndaky 4-nji tapgyr oýnundan öň geçirilen metbugat maslahatynda “Pahtakoryň” tälimçisi Maksim Şaskih we ýarym goragçy Diýor Holmatow žurnalistleriň soraglaryna jogap berdiler.

Maksim Şaskih taýýarlanmak üçin wagtyň çäkli bolandygyna garamazdan, toparyň oýna emosional taýdan gowy ýagdaýda barýandygyny belledi. Ol oýnuň ýokary derejeli boljakdygyna we toparyň janköýerlerini begendirjekdigine ynam bildirdi.
AFK-nyň Çempionlar ligasynyň geçenki oýunlarynda toparyň şowsuz başlamagynyň sebäbi baradaky soraga jogap hökmünde tälimçi toparyň oýunlardaky artykmaçlyklaryna garamazdan, munuň ýerine ýetirmekdäki kynçylyklar bilen baglanyşyklydygyny belledi. Ol toparyň “Ahal” bilen oýna has jogapkärli taýýarlanandygyny we ýokary hili hem-de gowy netijäni görkezmekçidigini aýtdy.
Şaskih toparyň häzir, toparçadan çykmak bilen diňe ýeňiş ugrunda göreşjekdigine ynam bildirdi. Ol oýunçylaryň gowy oýun görkezmegi we üç utuk gazanmagy maksat edinýändigini belledi.
Tälimçi Aşgabat şäheriniň gözelligi we ululygy baradaky täsirleri bilen hem paýlaşdy. Ol şäheriň gijelerine hasam owadandygyny belläp geçdi.
“Ahal” bilen “Pahtakoryň” arasyndaky oýun 7-nji noýabrda “Aşgabat” stadionynda geçiriler.


şu gün 16:18
1.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

şu gün 08:03
1.9k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

düýn 19:10
5.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......