Koreýanyň «ONDO» topary Aşgabatda konsert berdi

  • 06.11.2023 21:33
  • 6.2k+

Günorta Koreýanyň “ONDO” döredijilik topary Türkmenistanda geçirilen Koreýanyň medeniýet günleriniň çäklerinde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda aşgabatlylar üçin konsert berdi. Diňleýjileriň aglabasy keý-pop aýdym-saz ugruny halaýan ýaşlardy diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berýär.

Üç sazandadan ybarat “ONDO” topary dünýä meşhur bolan “BTS” aýdym-saz toparynyň täsiri bilen döredildi. Topardaky sazandalaryň ortaça ýaşy 27 ýaş. Geçirilen konsert “BTS-iň” repertuaryndan “Butter” aýdymy bilen açyldy. Sazandalar arzuwlar, söýgi, daşky dünýäniň owadanlygy barada “Seni gujaklasym gelýär”, “Sen örän mähirli”, “Sen iň owadan” ýaly aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Koreýanyň medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen bu konsert halklarymyzyň arasyndaky halkara dostluk gatnaşyklarynyň jebisligini ýene bir gezek görkezdi. Bu hakykat ÝUNESKO-nyň Aşgabady dünýäniň döredijilikli şäherleriniň hataryna goşmak kararyna gelmekde esaslylygyny tassyklaýar.


19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......