Aşgabatda “Sanly çözgüt – 2023” bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçirildi

  • 06.11.2023 20:20
  • 4.4k+

Aşgabatda “Sanly çözgüt – 2023” bäsleşiginiň saýlama tapgyry tamamlandy. Bu barada Türkmenistan Halkara Habarlar portaly habar berýär.

Her ýyl “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan geçirilýän bu bäsleşik ýaş zehinli programma üpjünçiligini işläp düzüjileri we oýlap tapyjylary ýüze çykarmagy we goldamagy, şeýle-de ýurduň önümçilik pudagyna täze innowasion ideýalary girizmegi maksat edinýär.
Bäsleşigiň bu tapgyrynda mekdep okuwçylaryndan we talyplardan 320-den gowrak arza tabşyryldy. Gatnaşyjylar saglygy goraýyş, ylym we bilim, ulag we logistika, elektron senagat, oba hojalygy, hyzmat ulgamy we robototehnika ýaly ýedi dürli ugurda öz taslamalaryny görkezmäge mümkinçilik gazandylar.
Hödürlenen taslamalara ýurduň dürli pudagyndan hünärmenler baha berdi. Baha berlende, esasan, sosial-ykdysady prosesleri aňsatlaşdyrmak, ulanyjy interfeýsleriniň amatlylygy, özboluşlylyk, elýeterlilik, hil we dizaýn görkezijileri göz öňünde tutuldy.
Bäsleşigiň ýeňijileriniň 9 – 10-njy noýabrda Aşgabatda geçiriljek “TurkmenTEL – 2023” halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde yglan edilmegine garaşylýar. Bu çäre giň köpçülige innowasion işläp taýýarlamalary hem-de maglumat tehnologiýalary we aragatnaşyk pudagynda gazanylan üstünlikleri hödürlär.


06.03.2026 17:29
5.4k+

HNGU-nyň talyp gyzy kükürtden boýag serişdesini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Maral Gullyýewa adaty kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu oýlap tapyş Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan bellige alyndy...

28.02.2026 13:00
3.5k+

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary halkara akkreditasiýadan geçiriler

Türkmenistanda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H...

17.02.2026 13:06
836

Apple mart aýynyň başynda «ýörite» Apple Experience çäresini geçirer

Apple kompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji martynda ýörite Apple Experience çäresiniň  geçiriljekdigini yglan etdi. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 19:00 meýilleşdirildi. 9to5Mac neşiriniň belleýşi ýaly, kompaniýa çäräniň resmi tertibini häzirlikçe açyp görkezmedi...

12.02.2026 18:54
1.4k+

Türkmenistanyň ilçisi ýapon hyzmatdaşlary bilen ylmy-tehnologik gatnaşyklary maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Ýaponiýada Türkmenistanyň ilçisi A. Baýramowyň Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň prezidenti H. Koýnuma we bu assosiasiýa bilen hyzmatdaşlyk edýän ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy...