Türkmenistanly artist TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwalynda baýraga mynasyp boldy

  • 05.11.2023 17:16
  • 21k+

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti Gülnabat Abdullaýewa TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwalynyň «Iň gowy zenan keşbi üçin» baýragyna mynasyp boldy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berdi.

Öň habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 1 — 4-nji noýabry aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwaly geçirildi. Bu festiwalda Türkmenistanyň adyndan Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary çykyş etdi.
Türkiýeden, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan gelen döredijilik toparlary bilen birlikde, Türkmenistan döwletimiziň adyndan çykyş eden teatr artistleri «Leýli — Mejnun» dessany esasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň ýazan pýesasy boýunça sahnalaşdyrylan «Söýgi we hasrat» atly sahna eseri bilen çykyş etdiler.
Ildeşlerimiziň Azerbaýjanyň döwlet akademiki rus drama teatrynyň sahnasynda ýerine ýetiren çykyşy halkara festiwala gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwalyna gatnaşýan ýurtlaryň döredijilik toparlarynyň çykyşyna baha bermek üçin eminler topary döredildi. Alty adamdan ybarat toparyň agzalarynyň arasynda Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowanyň bardygyny hem bellemek gerek. Eminler topary festiwalyň dowamynda artistleriň aktýorlyk başarnygyna, wakalaryň goýluş yzygiderligine, egin-eşiklere we grimine, şeýle-de spektakllaryň çeper bezegine baha berdiler.


19.06.2026 11:22
4.2k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......