Apple maliýe hasabatyny hödürledi: iPhone satuwy rekordy täzeleýär

  • 04.11.2023 17:15
  • 9.6k+

Apple kompaniýasy nobatdaky maliýe hasabatyny hödürledi. Kompaniýa üçin 30-njy sentýabrda 2023-nji maliýe ýylynyň dördünji çärýegi we umuman, tutuş ýyl tamamlandy.

Kompaniýa munuň iPhone satuwyndan gazanylan girdejileri göz öňünde tutsaň rekordly sentýabr çärýeginiň bolandygyny belleýär. Bu iPhone 15 smartfonlarynyň satuwynyň gowy başlandygyny aňladýar.
Umuman alanyňda, çärýekdäki girdeji 89,5 mlrd dollara barabar bolup, bu bir ýyl ozalky 90,1 mlrd dollardan birneme azdyr. Bu barada ixbt.com belleýär.
Operasion girdeji 24,9 mlrd dollardan 27 mlrd dollara çenli, arassa girdeji 20,7 mlrd dollardan 23 mlrd dollara çenli ýokarlandy.
iPhone satuwlary kompaniýa bir ýyl ozalky 42,6 mlrd dollar bilen deňeşdirilende, 43,8 mlrd dollar girdeji getirdi. Hasabatda aýratyn görkezilen ähli beýleki gurluşlaryň satuwy bolsa peseldi. Ýagny, dakylýan we öý gurluşlarynyň satuwy 9,65 mlrd dollardan 9,3 mlrd dollara çenli, planşetleriň satuwy bolsa 7,2 mlrd dollardan 6,4 mlrd dollara çenli peseldi. Mac noutbuklarynyň satuwy 11,5 mlrd dollardan 7,6 mlrd dollara çenli, ýagny üçden bir azaldy.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....