«Anyk baha» HJ gozgalýan we gozgalmaýan emläge baha kesmek hyzmatyny hödürleýär. Ol näme üçin gerek?

  • 03.11.2023 15:56
  • 14k+

BAHA KESMEK NÄME ÜÇIN GEREK?

Ýönekeý dilde aýdylanda...
Mysal üçin, islendik adam belli bir maksatlar üçin bankdan dürli möçberdäki pul serişdelerini karz almak isleýär. Bank bolsa munuň üçin girew soraýar. Bu ýagdaýda raýata özünde bar bolan emlägini (gozgalýan we gozgalmaýan) girew goýmak üçin şonuň bazar bahasyny çykarmaly bolýar. Ine, bu ýagdaýda islendik adam «Anyk baha» HJ ýüz tutup, emlägine baha kesdirip biler.
«Anyk baha» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň raýatlaryna, edara kärhanalaryna, hususy telekeçilere degişli bolan gozgalýan we gozgalmaýan emläge baha kesmek hyzmatyny hödürleýär.
Baha kesmek zerurlygy — karzyň girew üpjünçiliginde, ipoteka karzlaryny almakda, esaslyk maýa üçin (ýuridiki şahslar üçin), satyn almak-satmak üçin, buhgalterçilik hasabaty üçin gerek bolýar.

BAHA KESMEK IŞI NÄHILI TERTIPDE AMALA AŞYRYLÝAR?

  1. Raýat «Anyk baha» HJ arza bilen ýüz tutýar we gerekli resminamalary tabşyrýar;
  2. «Anyk baha» HJ girew goýuljak emlägi gözden geçirýär we baha kesmek «Baha kesmek işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna we baha kesmek işiniň Halkara standartlaryna laýyklykda geçirýär;
  3. Netijenama we Hasabat taýýarlap raýata berýär. Raýat şol resminamalar bilen banka baryp biler.

«Anyk baha» HJ haýsy emläge baha kesip berýär?

  • Täjirçilik gozgalmaýan emläge;
  • Ýaşaýyş jaýlaryna;
  • Ýaşaýyş öýlerine;
  • Kottejlere;
  • Ulag serişdelerine;
  • Ýörite tehnikalara;
  • Oba hojalyk tehnikalaryna.

«Anyk baha» HJ-niň AÝRATYNLYKLARY:

  • Baha kesmek işi boýunça tölegsiz maslahat hyzmatlary;
  • Hyzmatlaryny Türkmenistanyň tutuş çäginde hödürleýär;
  • Hyzmatlaryň hilini we müşderiniň maglumatlarynyň goraglylygyny kepillendirýär;
  • Tiz hyzmat: ýeňil maşynlara, jaýlara — 1-1,5 günde, täjirçilik gozgalmaýan emläge — 5-7 günde baha kesilýär;
  • «Anyk baha» HJ-niň işgärleri baha kesmek boýunça ýörite okuwlary geçdiler;
  • Zerur şahadatnamalar we rugsatnamalar bar;
  • 5 ýyldan gowrak iş tejribe

«Anyk baha» HJ müşderileriniň şahsy maglumatlarynyň gizlinligini we howpsuzlygyny goramaga, söwda syrlarynyň saklanmagyna möhüm ähmiýet berýär we berk gözegçilik edýär. Işiň çäginde berlen ähli maglumatlar diňe hojalyk jemgyýetiniň işgärleri tarapyndan iş maksady bilen ulanylýar.

Iş wagty: Duşenbe-anna günleri, 09:00-dan 18:30-a çenli.
Arakesme 13:00 – 14:00

Salgysy: Aşgabat ş., Ankara (Ýubileýnaýa) köçesiniň 21-nji jaýy, 2-nji gaty.
Telefon belgiler:
+993 64 33-43-98;
+993 63 51-59-55.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......