Doňzuň ýüregi oturdylan dünýäde ikinji hassa bary-ýogy alty hepde ýaşady

  • 02.11.2023 12:22
  • 30k+

Doňzuň ýüregi transplantasiýa edilen dünýäde ikinji hassa ABŞ-da aradan çykdy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

58 ýaşly Lorens Fosett ýürek ýetmezçiliginden ejir çekdi. Öň bar bolan damar keseli we içki gan akma bilen baglanyşykly kynçylyklar sebäpli oňa adam ýüregi donor bolup bilmeýärdi. Näsaga, eksperimental operasiýa edilmese, diri galmak mümkinçiligi ýokdy.
Fosett özüne doňuz ýüreginiň oturdylmagyna razylyk berdi we taryhda şeýle operasiýa edilen ikinji adam boldy. Ýürek oturdylansoň, ol bary-ýogy alty hepde töweregi ýaşady.

«Çuňňur gynanç bilen, genetiki taýdan üýtgedilen doňzuň ýüregi oturdylan, dünýäde ikinji ýürek transplantasiýasyny geçiren 58 ýaşly, bejerip bolmaýan ýürek keselli Lorens Fosettiň ýogalandygyny habar berýäris» diýip, Merilend uniwersitetiniň lukmançylyk merkezi habar berdi.


20.06.2026 12:08
6.3k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......