Nissan Sentra ýaryş sedanyny görkezdi

  • 01.11.2023 11:02
  • 9.4k+

Las Wegasda dünýäniň iň uly SEMA týuning-senagat sergisi başlamazdan ozal, Nissan markasy sergi üçin öz taslamalaryny hödürledi - bu ýerde ýapon awtoulag öndürijisiniň iki täze önümi: X-Trail ady bilen mälim Rogue krossoweri we Sentra sedany bar. Modeller düýpgöter tapawutly üýtgeşmeleri aldy - krossower ýolsuz ýerlerde sürmeklige taýýarlandy we sedan bolsa ýaryşyň asfalt ýolunda çalt sürmek üçin uýgunlaşdyryldy. Dogry, iki taslamanyň hem köpçülik üçin haçan öndüriljekdigi barada habar berilmedi.

Nissan Sentra DET Kanadada geçen Sentra Cup ýaryş awtoulaglaryndan ylham aldy.
Sedan 6 tizlikli elde geçiriş bilen bilelikde poslamaýan polat sport gaz çykaryş ulgamy bilen üsti ýetirilen 2,0 litrlik benzin turbo hereketlendirijisini alar. Awtoulag professional GT4 ýaryşçysy Braýan Heýtkotteriň kömegi bilen düzülen Nismo hyrly asgyç bilen enjamlaşdyrylan. Görer göze sedan 18 dýuýmlyk Nismo LM-RS6 tigirli Ýokohama Advan Neova AD09 şinalary bilen tapawutlanýar, salonynda Recaro Sportster CS -iň öňdäki oturgyçlary we Nismo GT dişli çalşygy düwmesi bilen enjamlaşdyrylandyr.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....