Pixel 8 Pro-nyň işleýiş tizligi iPhone 15 Pro Max-yňky bilen deňeşdirildi

  • 01.11.2023 10:53
  • 10k+

PhoneBuff kanalynyň awtorlary iPhone 15 Pro Max-yň işleýşini täze Google Pixel 8 Pro-nyň işleýşi bilen deňeşdirdiler. Synag robot el bilen geçirildi diýip, iXTB portaly habar berýär.

Synagyň başynda Pixel 8 Pro Snapseed programmasynda suratlary gaýtadan işlemegiň tizliginde Apple bäsdeşinden öňe geçmegi başardy. Şeýle-de bolsa, wideony gaýtadan işlemekde flagman iPhone has çakgan bolup çykdy, şonuň netijesinde Apple gajeti uly tapawut bilen öňdeligi eýeledi.
Mundan başga-da, synag Google Pixel 8 Pro-yň Microsoft Word bilen Excel programmalaryny RAM-dan “çykarandygyny” görkezdi, şonuň üçin smartfonlaryň arasyndaky tapawut hasam ulaldy. Ähli işleri ýerine ýetirmek üçin iPhone 15 Pro Max-a 2 minut 48 sekunt ýeterlik boldy, şol bir wagtyň özünde meşhur Google Pixel 8 Pro şol bir hereketleri etmek üçin 3 minut 28 sekunt gerek boldy.
Şeýle-de bolsa, Pixel 8 Pro umumy programmalarda güýçli işledi, ýöne wideony gaýtadan işlemek ýaly ýokary hasaplaýyş kuwwatyny talap edýän işde iPhone 15 Pro Max-dan asgyn geldi.
Google Pixel 8-iň hataryndaky smartfonlar 4-nji oktýabrda görkezildi. Meşhur model ABŞ-da 1 müň dollardan başlap satylýar.


11.06.2026 14:00
2.6k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......