Toyota dünýä bazarynda birinji orny eýeleýär

  • 31.10.2023 22:09
  • 11k+

Focus2move taslamasynyň maglumatlaryna görä, 9 aýyň jemi boýunça awtomobil markalarynyň global reýtinginde bazaryň 10,9%-ini eýeleýän Toyota birinji orunda barýar. Brend 6,82 mln ulag satdy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 3,5% köpdür. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Ikinji orny eýeleýän Volkswagen 9 aýyň jemi boýunça 3,7 mln awtoulag satdy, bu bir ýyl ozalkydan 3,9% köpdür. Kompaniýa bazaryň 5,9%-ini eýeleýär.
Ford 2,94 mln täze awtomobil satyp, geçen ýylky görkezijisini 7,5% gowulandyrdy. Kompaniýa üçünji orny eýeleýär. Dördünji orny 2,83 mln birlik bilen Hyundai eýeleýär. Onuň görkezijisi bir ýyl ozalkydan 4,7% ýokarydyr.
Bäşinji orunda Honda ýerleşýär (2,76 mln birlik; -1,8%), onuň yzyndan Nissan (2,35 mln birlik; +4,9%), Chevrolet (2,28 mln birlik; +8,6%), Kia (2,26 mln birlik; +3,5%), Mercedes (1,74 mln birlik; +4,3%) we BMW (1,73 mln birlik; +14,6%) gelýär.
BYD satuwyny 51,3% ýokarlandyryp, iň uly ösüşi görkezdi. Ol 1,73 mln awtomobil satyp, 11-nji orny eýeledi.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......