Meta resmi taýdan Facebook-da we Instagram-da tölegli abunany açdy

  • 31.10.2023 22:16
  • 2.7k+

Meta kompaniýasy Facebook we Instagram sosial ulgamlaryny ulanyjylary öz maglumatlaryny has köp dolandyrmaga we mahabat görmezlige mümkinçilik berýän tölegli abunany resmi taýdan hödürledi. Birinji tapgyrda Ýewropa Bileleşiginde, Ýewropa ykdysady zolagynda we Şweýsariýada Facebook-yň we Instagram-yň ulanyjylary ýaşyrynlygyny goramak we mahabaty öçürmek üçin töleg töläp bilerler.

Brauzer arkaly tölense, abuna aýda 9,99 ýewro, iOS we Android programmalary arkaly satyn alynsa, aýda 12,99 ýewro. Abuna ýazylmaklyk birbada iki sosial ulgamda mahabaty öçürýär. Metbugat gullugynda şeýle belleýärler:

«Adamlar abuna ýazylsa, maglumatlary mahabat üçin ulanylmaz».

2024-nji ýylyň 1-nji martyna çenli abuna şol bir ulanyja degişli ähli Facebook we Instagram hasaplaryny öz içine alar. 1-nji martdan soň her goşmaça baglanyşyk hasabyndaky mahabatsyz amal, töleg usulyňyza baglylykda, aýda goşmaça  6 ýewro ýa-da  8 ýewro çykdajy talap eder.
Tölegli abunany 18 ýaşdaky we ondan uly ulanyjylar satyn alyp bilerler. Gowy habar hem bar, Meta abuna ýazylyşygyň başlamagy bilen 18 ýaşdan kiçi ulanyjylar üçin mahabaty “duruzjakdygyny” mälim etdi.


19.06.2026 19:38
563

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

11.06.2026 23:54
1.7k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......