Türkmenistanyň dürli künjeklerinde «Maşgala mukaddesligi» atly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär

  • 31.10.2023 10:55
  • 8.1k+

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekillerinden düzülen ýörite topar ýurdumyzyň welaýatlarynda, çetki etraplarynda, obalarynda ýaşlaryň, zenanlaryň, ýaş maşgalalaryň arasynda «Maşgala mukaddesligi» atly wagyz-nesihat duşuşyklarynda, maslahatlarynda çykyş edýärler. Bu barada Mahabat müdirligi habar berdi.

Bu topar Watanymyzyň pajarlap ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşýan zenanlary jemgyýetçilik çärelerine işjeň çekmek, Watanymyzyň geljegi bolan mynasyp neslimizi terbiýeläp ýetişdirmekde, türkmen jemgyýetiniň binýady bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamakda we hormatlamakda ýurdumyzda maşgalalaryň abadan ýaşamagyna gönükdirilen ösüşleri, üstünlikleri, pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni wagyz-ündew etmek maksady bilen döredildi.
Ýaşulularyň, mährem eneleriň gatnaşmaklarynda geçirilýän duşuşyklar watansöýüji, beden we ruhy taýdan sagdyn, zähmete ukyply, ylymly, bilimli, medeni aň-düşünjesi ösen, giň dünýägaraýyşly ýaşlary, zenanlary kämilleşdirmek dogrusynda geçirilýär.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......