Toyota rekord mukdarda awtoulag öndürdi

  • 31.10.2023 07:30
  • 11k+

Şu maliýe ýylynyň birinji ýarymynda (2023-nji ýylyň 1-nji aprelinden 30-njy sentýabryna çenli) Toyota Motor 5,58 million awtoulag öndürdi.

Toyota-nyň resmi taýdan çap edilen maglumatlaryna görä, bu belli bir döwürde kompaniýa üçin rekord görkeziji.
Toyota öz beýanatynda dünýädäki awtoulag önümçiliginiň, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,8 göterim ýokarlandygyny aýtdy.
Şol bir wagtyň özünde, senenama ýylynyň birinji ýarymynda ýapon Toyota-sy 5,6 milliondan gowrak awtoulag öndürip, rekord goýdy. Ýanwar-iýun aralygynda olaryň 4,2 milliondan gowragy Ýaponiýanyň daşynda satyldy. Bu görkezijä görä, kompaniýa eýýäm yzygider dördülenji ýyl dünýäde birinji orny eýeläp gelýär.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......