Italiýada öýsüz-öwzarsyz adam lotereýada 37 müň ýewro utuş gazandy we puluny alyp bilenok

  • 30.10.2023 15:09
  • 28k+

Italiýanyň Senigalliýa şäherinden Janluiji atly öýsüz-öwzarsyz adam SuperEnalotto lotereýasyna 1,5 ýewro möçberinde pul goýup, 37 müň ýewro gazandy. Salgyt tölänsoň, oňa takmynan 30 müň ýewro galýar. Şeýle-de bolsa, ol utuşyny häzirlikçe nagt edip bilmeýär diýip, Corriere Adriatico ýazýar.

SuperEnalotto-da jekpot gazanmak üçin sanlaryň belli bir mukdaryny bilmeli. Janluiji uzak wagt bäri şol bir ýedi sana pul goýýar. 24-nji oktýabrda, sişenbe güni agşam onuň bagty çüwdi.
Pul çykarmak üçin saglyk ätiýaçlandyryşy (tessera sanitaria) we salgyt kody (codice fiscale) gerek. Janluijiniň köne salgyt kody bar. Ýöne ol dogry gelmeýär. Talap edilýän kod lukmançylyk ätiýaçlandyryşynda görkezilýär, ýöne ol hem öýsüz-öwzarsyz adamda ýok eken.
Corriere Adriatico-nyň ýazmagyna görä, Caritas haýyr-sahawat guramasy resminamalary dikeltmekde oňa ýardam edip biler.


10.06.2026 08:53
3.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

27.05.2026 01:10
2.6k+

Aşgabatda «Festa della Musica» konserti geçiriler

3-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» («Saz baýramy») atly dabaraly konsert......

26.05.2026 00:48
3.2k+

Ýakyn 20 ýylda italýan garrylary 6,4 trillion ýewro miras goýarlar

«Accenture» kompaniýasy öz hasabatynda ýakyn 20 ýylyň dowamynda Italiýanyň taryhynda iň köp maýa hem emläk geçirilişiniň boljakdygyny habar berýär. Görkezilýän wagt aralygynda italýan pensionerleri öz yzynda......

15.05.2026 15:40
4.2k+

Italiýada dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» ýola goýuldy

Italiýanyň demirgazygynda işläp düzüjiler tarapyndan dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» diýlip atlandyrylýan RailEvo transport ulgamynyň synaglary başlandy. Taslama bar bolan demirýol infrastrukturasynyň......