Taryhdaky iň ygtybarly Volkswagen-leriň sanawy — HotCars

  • 30.10.2023 14:58
  • 6.8k+

Volkswagen ygtybarly awtoulag öndürmekde meşhurlyk gazandy. Volkswagen-iň iň ygtybarly 10 awtoulagynyň sanawy ýöriteleşdirilen HotCars neşiri tarapyndan düzüldi. Sanawy düzmek üçin Car Survey we JD Power -iň maglumatlary ulanyldy.

Sanawda birinji orunda 2003-nji ýylda çykan, 1,9 litrlik Volkswagen TDI hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan Volkswagen Beetle TDI durýar. Awtoulaga bolmalysy ýaly tehniki hyzmat edilende we GRM kemerli suw sorujysy öz wagtynda çalşylanda ol 160 müň km-den gowrak ýoly kynçylyksyz geçip biler.
Ikinji ýeri 240 at güýji öndürýän 3,2 litrlik VR6 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan we 4Motion ähli tigri hereketli ulgamy bolan Volkswagen Golf R32 eýeledi. Ýetmezçilikleri: poslamaga meýilli we öňdäki podweskasy häli-şindi näsazlyk tapýar.
2005-nji ýylda ýylda çykan, 2 litrlik TDI hereketlendirijisi bolan Volkswagen Passat üçünji ýeri eýeledi. Ol ýokary derejede rahatlygy we amatlylygy bilen tapawutlanýar, oňa yzygiderli tehniki hyzmat edilende 200 müň km-den gowrak ýol geçip biler. Ýeke-täk kemçiligi: içerki bezeginiň hili pes we hodowoýy häli-şindi näsazlyk tapýar. 

Iň ygtybarly Volkswagen wtoulaglary: 

  1. 2003-nji ýylda goýberilen Volkswagen Beetle TDI.
  2. 2004-nji ýylda goýberilen Volkswagen Golf R32.
  3. 2005-nji ýylda goýberilen Volkswagen Passat.
  4. 2006-njy ýylda goýberilen Volkswagen Golf TDI.
  5. 2010-njy ýylda goýberilen Volkswagen Tiguan TDI.
  6. 2011-nji ýylda goýberilen Volkswagen CC TDI.
  7. 2013-nji ýylda goýberilen Volkswagen Touareg TDI.
  8. 2015-nji ýylda goýberilen Volkswagen Jetta TSI.
  9. 2018-nji ýylda goýberilen Volkswagen Passat Alltrack TDI.
  10. 2019-njy ýylda goýberilen Volkswagen Arteon TDI.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

21.06.2026 16:05
4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

14.05.2026 11:11
4.7k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.7k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......