Noýabr aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreler

  • 29.10.2023 14:40
  • 7.2k+

Şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň noýabr aýynda meýilleşdirilen esasy çäreleriň hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralarynyň tertibi barada habar berdi. 

Bellenilişi ýaly, noýabr aýynyň dowamynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle hem 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini we aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemleniler hem-de “Türkmenistan –ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly uniwersiada, sport ýaryşlary, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar, şeýle hem häzirki zaman koreý sazlarynyň konserti, koreý kinofilmleriniň görkezilişi guralar. 
Şeýle hem önümçilik we medeni-durmuş maksatly täze desgalary açmak we olaryň düýbüni tutmak dabaralary guralar. Şunuň bilen birlikde, ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. 
Şeýle hem noýabr aýynda Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestriniň fransuz we german sazandalarynyň bilelikdäki konserti, “Ýaşlar” atly kinofilmiň ilkinji görkezilişi, Hasyl toýy mynasybetli dabaralar, “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly IV halkara teatr festiwaly, şeýle hem kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler. 


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......