Renault Kardian kysymly täze krossowerini tanyşdyrdy

  • 29.10.2023 13:05
  • 3.5k+

«Renault» Braziliýada täze «Kardian» krossowerini tanyşdyrdy, ol Latyn Amerikasynda we beýleki sebitlerde satylar, ýöne Ýewropada peýda bolmaz.

«B» derejeli şäher krossoweri täze modully platformada guruldy. Ol Braziliýanyň bazaryna 125 at güýjüni öndürýän 3 silindrli turbo hereketlendirijisi we iki birikdirijisi (ssepleniýesi) bolan robotlaşdyrylan transmissiýa bilen hödürlener. Başlangyç etapda awtoulagy Kuritibadaky (Braziliýa) zawodda öndürilmek, soňra bolsa Kasablankada (Marokko) onuň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Awtoulag, adatça, ýokary segmentli awtoulaglar üçin elýeterli bolan birnäçe aýratynlyklar bilen üpjün ediler. Şeýlelikde, «Kardian-da» 17 dýuýmlyk teker diskleri, sekiz sany hereket režimi we daşky yşyklandyryşyň sekiz görnüşi ornaşdyrylar. Awtoulag alty sany howa ýassygy we işjeň howpsuzlyk ulgamlary, şol sanda kör nokatlara gözegçilik etmek ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.

düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....