Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentine gynanç bildirdi

  • 29.10.2023 09:06
  • 46k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe şahtada bolup geçen heläkçilik zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Gazagystan Respublikasynyň Karagandy oblastynda ýerleşýän Kostenko adyndaky şahtada bolup geçen ýangynyň köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi baradaky habary çuňňur gynanç duýgusy bilen kabul etdim” diýlip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň gynanç hatynda bellenilýär. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
28-nji oktýabra geçilýän gije Kostenko adyndaky şahtada ýangyn ýüze çykdy we metan partlamasyna getirdi. Soňky maglumatlara görä, şahtada 35 adam aradan çykdy, gözleg-halas ediş işleri dowam edýär.
Tokaýew ýurtda 29-njy oktýabry pida bolanlaryň hatyrasyna matam güni diýip yglan etdi.


05.01.2026 11:44
8.8k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýada bolan pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýanyň Krans-Montana dag-lyža dynç alyş merkezinde bolup geçen pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi. «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Kran-Montana dag-lyža...

03.12.2025 10:07
11k+

Serdar Berdimuhamedow Şri-Lankanyň Prezidentine tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

02.12.2025 11:39
13k+

Türkmenistanyň Prezidenti suw joşgunlaryndan ejir çeken tailandyň halkyna medet beriji sözlerini beýan etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

06.09.2025 10:07
15k+

Serdar Berdimuhamedow Lissabonda bolup geçen pajygaly waka zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza ýurduň Lissabon şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi...