Çimaýewiň Striklende garşy titul söweşiniň haçan geçiriljekdigi belli boldy

  • 28.10.2023 11:44
  • 17k+

Ýeňilmedik arap-çeçen söweşijisi Hamzat Çimaýew orta agram kategoriýasynda UFC-niň çempiony Şon Striklende garşy 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde geçiriljek söweşe taýýarlanýar. Bu barada amerikaly söweşijiniň tälimçisi Erik Niksik MMA Junkie portaly bilen söhbetdeşlikde aýtdy diýip, sportkp.ru belleýär.

“Meniň pikirimçe, Hamzat bilen söweş 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde bolar. Ähli zat Çimaýewiň Kamaru garşy söweşde elini döwdürendigine ýa-da ýokdugyna bagly. Biz muny entek bilemzok. Söweşi wagt we geografiki taýdan amatly bolar ýaly etmeli. Men Hamzatyň çykyşyndan soň UFC-däki ýigitlerden habar aldym. Olar “Söweşmek islän wagtyňyz bize habar beriň we biz ähli zady gurnarys” diýip, ýazdylar” – diýip, Niksik aýtdy.

Ýatlap geçsek, 21-nji oktýabrda Abu-Dabide geçirilen UFC 294 ýaryşynda Hamzat Çimaýew Kamaru Usmandan emin agzalarynyň aglaba köplüginiň karary bilen üstün çykdy. Şondan soň UFC-niň baş müdiri Deýna Uaýt Çimaýewiň guramanyň orta agramda çempiony Şon Striklend bilen söweşjekdigini aýtdy.


13.03.2026 12:13
7.9k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...

11.03.2026 18:54
8.4k+

Oliweýra UFC-niň iň gowy söweşijileriniň P4P reýtingine gaýdyp geldi, Sarukýan çykdy

Braziliýaly söweşiji Çarlz Oliweýra agram derejesine garamazdan (pound-for-pound) UFC-niň iň gowy 15 söweşijisiniň sanawyna gaýdyp geldi. Reýtingdäki bu üýtgeşme Oliweýra UFC 326 ýaryşynda Maks Holloweýi ýeňip, BMF guşagyny gazanandan soň bolup geçdi...

10.03.2026 12:23
15k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedro bilen urşar

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow 16-njy aprelde Demirgazyk Irlandiýanyň Belfast şäherindäki «SSE Arena» arenasynda geçiriljek PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedro bilen duşuşar...

10.03.2026 07:58
6.5k+

UFC 326 turnirinde Oliweýra Holloueýden üstün çykyp, 2,2 million dollardan gowrak girdeji gazandy

UFC-niň ýeňil agramda öňki çempiony Çarlz Oliweýra UFC 326 turniriniň iň köp hak tölenýän gatnaşyjysy boldy. Sporty Salaries portalynyň maglumatlaryna görä, braziliýaly söwüşiji agşamyň esasy tutluşygy üçin 2,282 million dollar aldy...