“Forbes” žurnaly hususy emeli intellekte esaslanýan gözleg ulgamyna eýe boldy

  • 28.10.2023 11:39
  • 2.4k+

“Forbes” žurnaly emeli intellekte esaslanýan täze gözleg platformasynyň beta-wersiýasyny işe girizdi. “Forbesi” esaslandyryjynyň aýalynyň hormatyna Adelaide adyny alan bu gural okyjylara şahsylaşdyrylan gözlegi hödürläp, olaryň soraglary esasynda makalalary maslahat berýär we žurnalyň tematikasynyň çäklerinde berlen soraglara gysga jogap berýär.

Adelaide “Forbesiň” soňky 12 aýdaky habarlaryny we materiallaryny gurşap alýar.
“Forbesiň” baş sanly we maglumat müdiri Wadim Spuskiý bu guraly döretmegiň maksadynyň okyjylaryň maglumat gözlemäge gatnaşygyny we makalalar bilen gatnaşygyny artdyrmakdan ybaratdygyny belleýär.
Ulanyjylar makalalar boýunça teklipleri we öz soraglaryna gysgaça jogaplary almak üçin anyk soraglary ýa-da umumy temalary berip bilerler. Mysal üçin, “Nebraskada iň baý adam kim?” diýen soraga Adelaide Uorren Baffet barada maglumatlary hödürlär we ulanyjylary gyzyklandyryp biljek baglanyşykly makalalary görkezer.


17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......